Hytaýly arheologlar Tibetiň günbataryndaky Syada Ko kölüniň kenarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda adaty bolmadyk açyş etdiler. Olar 9000 ýaşly alty sany daşdan ýasalan iňňäni tapdylar. Bular şu wagta çenli tapylan iň gadymy daş iňňelerdir we olaryň tapylmagy adamlaryň bu guraly haçan ulanyp başlandyklary baradaky çaklamany ep-esli yza süýşürýär. Journal of Archaeological Science neşirinde çap edilen makalada tremolit, serpentin, aktinolit we talk ýaly minerallardan ýasalan bu iňňeler egin-eşik tikmek we berk külbeleri gurmak üçin ulanylan bolsa gerek diýip habar berilýär. “Gözli iňňäniň peýda bolmagy adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr bolupdyr. Bu, adamlara has gaýym eşik we berk jaýlary gurmaga mümkinçilik beripdir, bu bolsa öz gezeginde olara täze, has sowuk sebitleri öwrenmäge kömek edipdir "- diýip, makalanyň awtorlary ýazýar. Bu açyşdan ozal Hytaýyň Henan welaýatyndan tapylan 2700 ýyllyk daş iňňeler has gadymy hasaplanýardy. Süňkden ýasalan iň gadymy iňňeleriň ýaşy bolsa, takmynan, 50 müň ýyl töweregidir. Olar Russiýanyň Altaý sebitindäki Denisowa gowagyndan tapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir