Dubaýyň emiri şeýh Muhammet ibn Raşid Al-Maktum bahasy 8 milliard dollarlyk täze sil zeýkeşi ulgamyny gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Hökümet şu ýylyň 16-njy aprelinde BAE-de soňky 75 ýylyň içinde ilkinji gezek guýan iň güýçli, aýratynam, Dubaýa düýpli täsir eden çabgadan soň şeýle karara geldi. Täze sil zeýkeşi ulgamy Dubaýyň ähli ýerini öz içine alar we günde 20 million kub metrden gowrak suwy akdyryp äkidip biler. Gurluşygyň 2033-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.