Ýewropa kosmos gullugy (ESA) geljekki Aý bazalary üçin özboluşly gurluşyk bloklaryny döretdi. Ony işläp taýýarlaýan döwründe inženerler Lego konstruktoryndan ylham alypdyrlar diýip, IXBT habar berýär. ESA-nyň barlagçylar topary Aýda gurluşyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, 4,5 million ýyllyk meteoritde tapylan materiallardan "kosmos kublary" düşünjesini işläp taýýarlady. ESA-nyň ylmy işgäri Aýdan Kouli: "Aýyň üstünde hiç kim hiç wagt baza gurmady, şonuň üçin ony diňe bir nädip gurmalydygymyzy däl, eýsem nämeden gurmalydygymyzy hem çözmeli" – diýip belledi. “Kosmos kublary” meteorit tozanynyň, polilaktidiň (biodargaýan polimer) we Aýyň üstüni örtýän material bolan Aý regolitiniň emeli analogynyň garyndysyndan döredilýär. Kouli: "Biz, hatda kosmiki tozandan hem berk, funksional gurluşyk bloklaryny döredip boljakdygyny görkezmek isledik" – diýip belledi. Bu kublaryň 15-si, geljekki gurluşykçylara ylham bermek we Lego-nyň zemini däl meseleleri çözmäge nähili kömek edip biljekdigini görkezmek üçin, dünýäniň “Lego” dükanlarynda goýlar. Lego Group-yň döredijilik ýolbaşçysy Deniel Mihan: "Çagalara Lego kubigini gurmak meselesinde asmanyň hakykatdanam çäksizdigini görkezmek isleýäris" -diýdi. ESA bilen Lego-nyň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk adamlary Aýa gaýtadan eltmäge gönükdirilen has giň “Artemida” maksatnamasynyň bir bölegidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir