Aktýor we režissýor Mel Gibson Warner Bros studiýasynyň 90-njy ýyllaryň meşhur franşizasy “Ölüm howply ýarag 5-iň” (“Смертельное оружие 5”) dowamyny surata düşürmegini meýilleşdirýändigini tassyklady. Gibson Martin Riggsiň roluna gaýdyp geler diýip, Collider habar berýär. Bäşinji bölümiň ssenariýesi 2021-nji ýylda aradan çykan Riçard Donneriň işlerine esaslanýar. Gibson: “Bilşiňiz ýaly, galan filmlere gatnaşan Riçard Donner gynansakda aradan çykdy - ol meniň gowy dostumdy we maňa muny dowam etdirmegimi ynandy, şonuň üçin bu işi bitirmek meniň üçin mertebedir. Ol ssenariýesini gowy taýýarlady, şonuň üçin elimizdäki zady ulanyp, onuň üstünde işleýäris”. “Ölüm howply ýarag 5” iki polisiýa işgäri - dost Martin Riggs (Gibson) we Rojer Mýort (Denny Glower) hakyndaky komediýa filmidir. Franşizanyň birinji bölümi 1987-nji ýylda, soňky bölümi 1998-nji ýylda çykdy. Filmiň dördünji bölüminde başga bir boýewik ýyldyzy Jet Li çykyş etdi. Franşiza esaslanyp, Fox teleýaýlymy 2016-2019-njy ýyllarda şol bir atly filmi surata düşürdi, ýöne oňa asyl filmdäki aktýorlar gatnaşmady. “Ölüm howply ýarag 5” filminiň surata düşürilmegi şu güýzde başlap biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir