Şweýsariýaly başlangyç Sirius Awiasiýa işlenip taýýarlanylýan futuristik iş uçarynyň nähili boljakdygyny görkezdi. 28 kanally ýelpewaçlar bilen enjamlaşdyrylan CEO Jet uçary dikligine uçup-gonup we tizligini sagatda 515 km-ä ýetirip biler. Ol wodorod ýangyç elementlerinde işlär diýip, New Atlas ýazýar. CEO Jet-iň dizaýny BMW Designworks bilen bilelikde işlenip düzüldi. Taslama 2024-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Londonda geçirilen MOVE Expo sergisinde görkezildi. Apparat üç ýolagçy we pilot üçin niýetlenendir, kaşaň interýer bilen enjamlaşdyrylandyr. Içinde dolandyryşlar bilen ýönekeýleşdirilen kabina bar. Görkeziş meýdany töweregi optimal görmek üçin öň we iki tarapa uzalyp gidýär. Sanly displeýde uçuş we nawigasiýa maglumatlary görünýär. Uçar gap-gaç ýuwýan maşyn deý asuda bolar ýaly taslamalaşdyrylandyr . Ol 6400 m belentlikde uçup, bir syýahatda 1850 km ýol geçip biler diýlip garaşylýar. Sirius Awiasiýa CEO Jet -iň köpçülikleýin önümçiligine 2028-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, kompaniýa suwa gonup bilýän Adventure Jet düşünjesini hödürledi.