Ýewroparlamentde uly partiýalara wekilçilik edýän ÝB ýurtlarynyň liderleri Ursula fon der Lýaýeniň Ýewrokomissiýanyň başlygy wezipesine täze möhlete dalaşgärligini ylalaşdylar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň ygtyýarly gurluşlaryndaky çeşmelere salgylanyp, Politico habar berýär. Ýewropa diplomatiýasynyň täze başlygy Estoniýanyň premýer-ministri Kaýa Kallas bolar, ol bu wezipede Žozep Borreliň ornuny eýelär. Ýewropa Geňeşiniň başlygy Portugaliýanyň öňki premýer-ministri Antoniu Koşta bolar, ol Şarl Mişeliň ornuna geçer. Bu wezipelere dalaşgärlikler 27-nji iýunda ÝB sammitinde resmi taýdan tassyklanar. Fon der Lýaýne iýul aýynyň ortalarynda Strasburgda ýygnanjak Ýewroparlamentiň hem goldawy gerek bolar. KHBS-iň habaryna görä, gazanylan ylalaşyk esasy merkezi partiýalara wekilçilik edýän ÝB ýurtlarynyň altysynyň liderleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir