Hytaýyň “Çane-6” Aý zondunyň yzyna gaýtaryş moduly Aýyň arka tarapyndan ýygnalan toprak nusgalaryny Ýere getirdi. Bu barada CGTN telekanaly habar berýär. Zonddan paraşýutly zyňylan toprakly kapsula Içerki Mongoliýa sebitinde gondy. Bu taryhda Aýyň arka tarapyndan topragyň nusgalarynyň ilkinji gezek ýygnalmagy we Ýere getirilmegidir. “Çane-6” stansiýasynyň missiýasy 53 gün dowam etdi. Ol orbital, gonuş, uçuş we yzyna gaýtaryş modullaryndan ybarat boldy. Meýilnama laýyklykda, "Çane-6-nyň" düşen ýerinde zerur işler geçirilenden soň, enjam uçar bilen Pekine eltiler. Ol ýerde alymlar konteýneri açyp, regolit (Aý topragy) nusgalaryny çykararlar. Şondan soňra nusgalar öwrenilip başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir