Toyota 20-nji iýundan başlap ABŞ-da özüniň üç hatarly täze Toyota Grand Highlander we Lexus TX kysymly awtoulaglarynyň satuwyny wagtlaýyn togtadýandygyny mälim etdi diýip, Motor1 habar berýär. Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik bilen baglanyşyklydyr. Eger gapdal gapynyň penjiresi aşak goýberilen bolsa, sürüji tarapdaky gapdal howpsuzlyk perdejigi işlemän biler. Şol bir wagtda howpsuzlyk perdejiginiň özi sürüjiniň kellesiniň gapdalynda penjiräniň ýokarsynda ýerleşýär we heläkçilik bolan ýagdaýynda bedeniň ýokarky bölegini goramak üçin niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Toyota 2024-nji ýylda goýberilen, 145 müň töweregi ulagy yzyna çagyrdy. Häzirlikçe meseläniň çözgüdi tapylmady. Awtoulag öndürijisi kemçiligi awgust aýynyň ortalaryna çenli düzetmegi meýilleşdirýär. Şu ýyl ilkinji gezek çykan Grand Highlander we Lexus TX konsepsiýasy biri-birine golaý modeller hökmünde orun alýar. Iki model hem 2,4 litrlik turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji bilen işleýär, ýöne Grand Highlander 362 at güýçli goşmaça Hybrid Max hödürleýär we Lexus TX bolsa 406 at güýçli gibrid güýç gurluşyna eýedir. ABŞ-da Toyota Grand Highlander 2024-iň bahasy 44 715 dollardan başlaýar, Lexus TX biraz gymmat – 55 050 dollardan başlaýar.