“Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Maklarenden” Lando Norris geldi, üçlügi “Mersedesden” Lýuis Hemilton jemledi. Bu Hemiltonyň möwsümde iň gowy netijesidir. Werstappen 219 utuk bilen sanawda birinji orny eýeleýär, ol ýedi ýaryşda ýeňiş gazandy. Norrisiň (150 utuk), “Ferrariden” Şarl Lekleriň (148 utuk) we Karlos Saýnsyň (116 utuk) her biriniň hasabynda bir ýeňiş bar. Konstruktorlaryň kubogynda öňdebaryjylygy “Red Bull” saklaýar (330 utuk), ikinji orny “Ferrari” (270), üçünji orny “Maklaren” (237) eýeleýär.