Meta korporasiýasy bilen Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Meta öz sanly önümlerini iPhone arkaly ýaýratmakda Apple-iň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Apple Meta korporasiýasyna we beýleki kompaniýalara Apple Intelligence tehnologiýasynyň üsti bilen öz hyzmatlaryna premium-ýazylyşygy satmagy teklip etdi. Apple integrasiýa üçin goşmaça töleg göz öňünde tutmaýar, ýöne ýazylyşykdan gelýän girdejileriň bir bölegini özüne galdyrmak isleýär. Neşir gepleşikleriň heniz tamamlanmandygyny belleýär. Şertnama önümiň köpçülikleýin ýaýradylmagyna kömek eder, ýöne munuň maliýe nukdaýnazaryndan nähili peýdaly boljakdygy belli däl. 10-njy iýunda Apple kompaniýasy Apple Intelligence ady bilen özüniň emeli aň tehnologiýasyny hödürledi. Bu tehnologiýa täze gurallary, şol sanda tekst we şekil döredip biljek, dürli programmalardan maglumatlary alyp we seljerip biljek gurallary ulanmaga mümkinçilik berýär. Meta, öz gezeginde, şu ýylyň aprel aýynda Llama 3 dil modelini hödürledi. Ol eýýäm kompaniýanyň ähli Meta platformalarynda işlemek üçin niýetlenen täzelenen Meta AI emeli aň kömekçisine girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir