2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 2,8 million daşary ýurtly raýatlar syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana geldi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,6% köp. Bu barada, Özbegistanyň statistika gullugy habar berýär. Syýahatçylaryň sany boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji orunlary eýeleýärler: Täjigistan (871,5 müň), Gyrgyzystan (857 müň) we Gazagystan (498,2 müň). Ondan soň Russiýa (289,6 müň). Türkmenistandan goňşy ýurda syýahatçylyk maksady bilen 53,8 müň raýat bardy. Özbegistana işjeň sapar edýän beýleki ýurtlary belläp geçeliň: Türkiýe (42,1 müň) Hindistan (23,2 müň) Hytaý (22,8 müň) Italiýa (15,3 müň) Günorta Koreýa (15.1 müň) Syýahatçylyk akymynyň ösüşi Özbegistanyň syýahatçylykda özüne çekijiligini görkezýär. Baý taryhy, tapawutly medeniýeti, myhmansöýerligi we ýatdan çykmajak täsirleri - bularyň hemmesi dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir