Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner Germaniýanyň Halle şäherinde geçirilen ATP 500 ýaryşynyň finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan üstün çykdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 2,2 mln ýewrodan geçýär. Duşuşyk 7:6 (10:8), 7:6 (7:2) hasabynda birinji belgide ýerleşdirilen italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Hurkaç ýaryşda bäşinji belgi bilen ýerleşdirildi. Tennisçiler kortda 1 sagat 49 minut sarp etdiler. Sinner 22 ýaşynda, ol karýerasynda ýekelikde 14-nji we häzirki möwsümde dördünji titulyny gazandy. Türgen Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň häzirki ýeňijisidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir