Türkmenistanda Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Hökümet mejlisinde gol çekdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramak we geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer bu ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, ony döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir