Günüň üstünde M5.8 derejeli alaw hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU "IPG") salgylanýan TASS habar berýär. 20 minut dowam eden alaw 21-nji iýunda Aşgabat wagty bilen ir sagat 04:16-da 3719 tegmiller toparynda bolup geçdi. Ondan öň Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizikasy institutynyň alymlary uly 3712 sebitiň golaýynda 3 713 belgili ikinji işjeň merkeziň döremegi bilen şertlenýän Gün alawlarynyň döremeginiň ýokary ähtimallygyny habar beripdiler. Gün alawlary, rentgen şöhleleriniň kuwwatyna görä, bäş topara bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetip, magnit tupanlaryny döredip bilýän Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen utgaşýar. 11-nji maýda Günde bolup geçen güýçli plazma zyňylmalarynyň 2005-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde iň güýçli magnit tupany bolup, G5-iň aşa güýçli derejä ýetendigini ýatladýarys.