Boeing korporasiýasynyň iki astronawt bilen CST-100 Starliner gämisiniň orbitadan Ýere gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasynyň (NASA) beýanynda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, NASA-nyň we Boeing-iň ýolbaşçylygy missiýany korrektirlemek kararyna geldiler, ýöne yza süýşürmäniň sebäbi görkezilmeýär. Ilkibaşda CST-100 Starliner-iň yzyna gaýdyp gelmegi 18-nji iýuna meýilleşdirilipdi. Şol wagta çenli NASA-nyň astronawtlary Barri Wilmor we Sunita Wilýams Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) sekiz gün bolmalydylar. Soň möhlet 26-njy iýuna süýşürildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir