Pariždäki Sena derýasy onda triatlon we açyk suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmäge rugsat bermek üçin diýseň hapa bolup çykdy. Bu barada Frans Press agentligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. “Senadan alnan nusgalar standartlara laýyk gelmeýär. Suwuň hili ýagyş, güýçli akym, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi we möwsümleýin kadalardan pes temperatura sebäpli ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär” – diýip, Pariž sebitiniň prefekti Mark Giýom aýtdy. Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Parižde geçiriler. Guramaçylaryň meýilnamalaryna görä, açylyş dabarasy stadionda adaty görnüşde däl-de, Senada türgenleriň gatnaşmagynda gaýyklaryň ýörişi görnüşinde geçirilmeli. Senada triatlon ýaryşlary 30-31-nji iýulda we 5-nji awgustda, açyk suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar 8-nji we 9-njy awgustda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir