Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Öň, ýaryşyň 2025-nji ýylyň tomsunda geçmegine garaşylýardy. Ýaryşyň başlangyç oýny 2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, final bolsa 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda bolar. CAF-yň ýerine ýetiriji komiteti Marokkoda zenanlaryň arasynda 2024-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň geçiriljek senesini hem mälim etdi. Ol 2025-nji ýylyň 5 – 26-njy iýulynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir