Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň barlagçylary ownuk balyklary kellesi, süňkleri, iç-goşy bilen bilelikde yzygiderli iýmegiň ömrüň dowamlylygyny uzaldyp biljekdigini anykladylar. Barlaga 35 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 80 802 adam gatnaşdy. 9 ýyllyk gözegçiligiň dowamynda alymlar ölüm ýagdaýyny hasaba aldylar we synaga gatnaşyjylaryň iýýän iýmitlerini derňediler. Gözlegiň netijeleri Public Health Nutrition žurnalynda çap edildi. Netijede, aýda 1-3 gezek, hepdede 1-2 gezek ýa-da hepdede 3 ýa-da ondan hem köp gezek ownuk balyk iýen aýal-gyzlaryň, ownuk balyklary seýrek iýýänler bilen deňeşdirilende, ölüm howpy 31-36%, rak keselinden ölmek töwekgelçiligi 28-36% pesdir. Alymlar ownuk balyklaryň peýdasyny kalsiý we A witamini ýaly mikroelementlere baýdygy, olarda çişlere garşy we antioksidant täsirleri bolan omega-3 ýag kislotalarynyň köpdügi bilen baglanyşdyrýarlar. Barlagyň dowamynda ownuk balyklary yzygiderli iýýän erkekler ölüm howpunyň peselmek tendensiýasyny görkezseler-de, bu statistik taýdan beýle bir ähmiýetli däldi. Indi barlagçylar bu deňsizlige nämäniň sebäp bolýandygyny anyklamaga synanyşýarlar. Netijeleri tassyklamak üçin beýleki ýurtlarda hem goşmaça barlaglary geçirek zerurdyr.