Eýranyň paýtagtynda geçirilen kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 11 medal gazandylar. Bäsleşige 20 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistandan 14 türgen gatnaşdy, olaryň 11-i baýrak aldy. 48 kilograma çenli agram derejesindäki Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa ýeke-täk altyn medalyň eýesi boldy. On bürünç medaly gazananlar: Rozymengli Meýmanowa (52 kg çenli) Serdar Babamyradow (60 kg çenli) Nurana Hezretowa (63 kg çenli) Döwlet Hemragulyýew (66 kg çenli) Mekan Pardabaew (73 kg çenli) Sabina Kadyrowa (78 kg çenli) Daýanç Omirow (81 kg çenli) Nursoltan Erniýazowa (87 kg çenli) Ylham Kemalow (90 kg çenli) Işanmyrat Ataew (100 kg) Türkmen kuraşçylarynyň üstünligi, Türkmenistanyň aýallar we erkekler toparyny türgenleşdirýän abraýly tälimçileri Şirin Kubaýewanyň we Dörtguly Tejenowyň tagallalarynyň netijesidir. Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen kuraşçylary 5 altyn medaly öz içine alýan 15 medal gazandylar.