Toyota-ny esaslandyryjy Kiitiro Toýodanyň agtygy Akio Toýoda kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. IXBT-iň habar bermegine görä, karar paýdarlaryň ýygnagynda kabul edilip, Toýoda direktorlar geňeşiniň beýleki dokuz agzasy bilen birlikde öz wezipesinde galdy. Toýoda sport ulaglaryna bolan höwesi we gibrid tehnologiýany öňe sürýändigi bilen tanalýar. Şeýle-de bolsa, ol Toyota elektrik ulaglaryny haýal ornaşdyrýanlygy üçin tankyt edilipdi. Satuwda üstünlik gazanyp, ýyllyk girdejisiniň rekord derejede ýokary bolandygyna garamazdan, Toýodanyň gaýtadan saýlanmagy jedelli boldy. Ýylyň başynda kompaniýa kraş-synagyň maglumatlaryny galplaşdyrmakda aýyplanyp, Toyota-nyň paýnamalarynyň 10% pese gaçmagyna sebäp boldy. Akio Toýoda müşderileriniň öňünde ötünç soramaly bolupdy. Şol bir wagtda, Akio Toýodanyň ýapon awtoulag öndürijisiniň GR Yaris we GR Corolla ýaly, iň uly taslamalarynda esasy rol oýnandygyny bellemelidiris. Geçen ýyl Toyota-yň gibrid tehnologiýany ösdürmäge beren ünsi bolsa oňa Ýaponiýanyň taryhynda iň uly ýyllyk girdejini gazanmaga kömek etdi.