Hytaý 18 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň güýçli deňiz ýel turbinasyny gurmagy tamamlady. Dongfang Electric Corporation kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen täze gurnama ýylda 72 GWt arassa energiýa öndürmäge ukyply, bu Hytaýyň gündogar kenarýakasynda energiýa deňagramlylygyny üpjün etmäge kömek eder diýip, Electrec ýazýar. Täze turbina diametri 260 metr bolan rotor bilen enjamlaşdyrylan, bu ýedi sany adaty futbol meýdançasynyň meýdanyna deňdir. Rotoryň meýdany näçe uly bolsa, gurnama özüni çalt ödeýär we şonça-da köp energiýa öndürýär. Geljekde Hytaý Eýfel diňindenem beýik boljak, diametri 310 metr bolan rotorly, 22 MWt kuwwatly ýel turbinasyny döretmegi meýilleşdirýär. Meýilnamanyň uludygyna garamazdan, Günbataryň bilermenleri ykdysady taýdan amatsyzdygyny, üpjünçilik zynjyrynyň beýlebir ösen däldigini we zerur kran enjamlarynyň ýoklugyny görkezip, aşa güýçli ýel turbinalaryny gurmakda Hytaýyň öňdebaryjylygyna eýermäge howlukmazlygy maslahat berýärler. Hytaý, tersine, ýel energiýasyna 2060-njy ýyldan soň uglerodsyz energiýa meýilnamasynyň esasy hökmünde garaýar. Ýurt eýýäm bir günde 16 MWt ýel turbinasyny gurmak tehnologiýasyny ösdürdi, bu gurnama işini ep-esli çaltlaşdyryp biler.