Halkara olimpiýa komiteti 1900-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda 25 kilometrlik welosiped ýaryşynyň netijelerine täzeden garady diýip, “Çempionat” sport çeşmesi ýazýar. Şol ýaryşda ikinji orny Beýik Britaniýa üçin bäsleşen Lloýd Gildebrand (beýleki çeşmelerde - Lui Gildebrand) eýeledi. Şeýle-de bolsa, Halkara olimpiýa komiteti türgende Britaniýanyň raýatlygy bolsa-da, ömrüniň köp bölegini Fransiýada ýaşandygy sebäpli türgeniň Beýik Britaniýanyň toparyna goşulyp bilmejekdigi barada netijä geldi. Mundan başga-da, 1900-nji ýyldaky oýunlardan öň hem we soň hem türgen fransuz klubynda oýnapdyr. Şol sebäpli Halkara olimpiýa komiteti Gildebrandyň kümşüni Fransiýa berip, 2024-nji ýylda medallary gaýtadan paýlady. Halkara olimpiýa komitetiniň resmi wekili Mark Adam brifingde: "Halkara olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşi taryhy resminamalara düzedişleri girizmek barada ylalaşdy – diýip mälim etdi. - Täze maglumatlara esaslanyp, ýerine ýetiriji komitet şular ýaly ýagdaýlarda ulanylýan syýasaty ulanmak kararyna geldi". Netijäniň üýtgemegi medallaryň 1900-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň jemi boýunça paýlanyşyna täsir etmedi. Medal sanaşykda Fransiýa birinji orunda (27 altyn, 39 kümüş we 37 bürünç), Beýik Britaniýa üçünji orunda (15 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç) durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir