15-nji iýunda Germaniýada badalga alan futbol boýunça Ýewropa çempionatynda üç oýun oýnaldy. A we B toparlardan ýygyndylar duşuşdylar. Ilki bilen Kýoln şäherinde A topardan Şweýsariýa bilen Wengriýa duşuşdy. Duşuşykda şweýsariýalylar 3:1 hasap bilen ýeňiş gazandylar. Ýeňiş gazananlaryň düzüminde Kwadwo Dua, Mişel Ebişer we Brel Embolo tapawutlandy. Wengriýadan ýeke-täk goly Barnabaş Warga geçirdi. Şweýsariýa indiki duşuşygyny Şotlandiýa bilen, Wengriýa Germaniýa bilen geçirer. Duşuşyklar 19-njy iýunda bolar. Birinji oýundan soň Germaniýa we Şweýsariýa üç utuk toplap, A toparda birinji orny eýeleýärler, Wengriýada we Şotlandiýada 0 utuk bar. Düýn şeýle hem Ispaniýa-Horwatiýa duşuşygy boldy. Duşuşyk ispanlaryň 3:0 ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary Alwaro Morata, Fabian Ruis we Dani Karwahal geçirdi. Günüň ahyrynda Dortmundda Italiýa - Albaniýa duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň 22-nji sekundynda albaniýaly futbolçy Nedim Baýrami Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda iň çalt goly geçirdi. Emma Italiýa Alessandro Bastoniniň we Nikolo Barellanyň tagallalary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Ikinji tapgyrda 19-njy iýunda Albaniýa Horwatiýa bilen, 20-nji iýunda bolsa Ispaniýa Italiýa bilen duşuşar. Birinji tapgyrdan soň, Ispaniýa we Italiýa üç utuk bilen B toparyň başyny çekýärler. Albaniýa bilen Horwatiýada 0 utuk bar. Şu gün Polşa Niderlandlar bilen (D topar), Sloweniýa Daniýa bilen, Serbiýa bolsa Angliýa (ikisi hem C topar) bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir