The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, öň Praganyň we Berliniň haýwanat baglarynda saklanýan, Pržewalskiniň ýabany atlarynyň dünýäde iň soňky galanjalary Gazagystana getirildi. Alty baýtal we bir aýgyr soňky 200 ýylyň dowamynda Gazagystanyň sähralarynda görlen ilkinji ýabany atlar bolar. Olaryň öňki nesilleri müňlerçe ýyllap bu topraklarda ýaşapdyrlar. Emma 1960-njy ýyllarda ýabany atlaryň sany adam işjeňligi sebäpli ýitip gitdi diýen ýaly. Indi olaryň tebigy ýaşaýan ýerlerini dikeltmek meýilleşdirilýär. Gazagystana gelen atlar Mýunhen we Praga haýwanat baglarynda saklanyp galan iki topara degişlidir. Jemi sekiz aty getirmek meýilleşdirilipdi, ýöne bir at uçuşa ýaramandygy sebäpli gelip bilmedi. “Yzyna gaýdyp gelýärkä onuň biraz başy aýlandy, ýöne häzir ýagdaýy gowy. Bu atlar tutuş ýoly dik aýak üstünde durup geçirmeli we olara çöke düşmäge rugsat berilmeýär, sebäbi ganlary dogry aýlanmaly. Bu 30 sagatlyk ýoly atlar diňe dik dursalar geçip bilýärler" - diýip, Praganyň haýwanat bagynyň hünärmeni Filip Maşek düşündirdi. Ol: "Häzirki zaman haýwanat bagynyň esasy maksady diňe bir ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri goramak we köpeltmek däl, eýsem olary ýabany tebigata gaýtaryp bermekdir" -diýdi. “Olar dünýäde galan ýeke-täk ýabany atlardyr. Mustanglar - wagşylaşan öý atlary "-diýip, Maşek nygtady. Geljekki bäş ýylda Gazagystana jemi 40 aty getirmek meýilleşdirilýär. Praga haýwanat bagy öňem ýabany atlary tebigy ýaşaýan ýerlerine gaýtaryp beripdi. Atlary birnäçe ýylyň dowamynda Mongoliýa goýberipdiler, häzirki wagtda ýurtda 1500 töweregi at bar.