Tesla kompaniýasy kuwwatlyklarynyň artmagy we satylmadyk awtoulaglaryň ummasyz ätiýajynyň toplanmagy meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, ITHome habar berýär. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 433 371 awtoulag öndürdi, ýöne bary-ýogy 386 810 awtoulag satdy we 46 561 awtoulag ammarlarynda galdy. Sherwood News-yň bellemegine görä, bu awtoulaglar, hatda kosmosdanam görünýär. Tehas Gigafabriginiň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda we 2024-nji ýylyň martynda emeli hemra arkaly düşüren suratlary deňeşdirilende zawodyň töweregindäki awtoulag duralgalarynyň ulagdan doludygy görünýär. Şeýle hem, Tesla awtoulaglaryny Sent-Luisdäki Chesterfield Mall söwda merkeziniň we Kaliforniýada Moreno-Wellidäki Sears dükany ýaly, beýleki ýerlerdäki awtoulag duralgalarynda hem saklaýar. Ätiýaçlygyň artmagy önümçiligiň mukdarynyň sargytlaryň sanyna laýyk gelmeýändigi bilen baglanyşykly. Tesla kompaniýasy elektrik ulagy bazaryndaky satuwlara hem täsirini ýetirip biljek haýallyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.