Türkmenistanyň Döwlet sirki 16-njy iýunda sagat 18:00-da sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar. ykyşlaryň dowamynda sahnada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň dünýä belli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak “Pawlin” kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de “Arwana” düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan “Makaka” maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan “Burçello” zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, klounlaryň gülküli oýunlarynyň, “Ýedigen” tans toparynyň tansçylaryň, “Pudel” güjüjekleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň, mundan başga-da erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz. Kassanyň iş wagty: Sişenbe-Ýekşenbe günleri sagat 10:00 – 18:00-a çenli. Sirk çykyşlary şeýle hem 15-nji iýunda sagat 10:00-da Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde hem geçiriler. Bu ýerde bedew atlaryň çykyşlary bilen bir hatarda akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazlaryň, şeýle hem žanglýorlaryň oýunlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Döwlet sirki: 36-10-95; 36-10-34; Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki: +99312 57-23-53; +99312 57-23-60.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir