ABBA-nyň gologrammalarynyň konsert syýahaty bilen belli bolan Şwesiýanyň Pophouse kompaniýasy Elwis Presliniň sanly awataryny syýahata ibermegi meýilleşdirýär. Financial Times-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa Sony Music we Authentic Brand Group bilen janly konsertler üçin “rok-n-roll şasynyň” obrazyny we döredijiligini ulanmaga mümkinçilik berjek hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýär. Häzirlikçe şertnamanyň baglaşyljakdygy anyk däl, ýöne üstünlikli bolan ýagdaýynda Pophouse gologrammalaryň kömegi bilen meşhur aýdymçylary “janlandyrmagy” dowam etdirer. Elwis Presliniň awatary bilen guraljak konsert syýahatynyň meşhur sazandanyň tutuş dünýädäki muşdaklarynyň ünsüni çekjek uly waka bolmagyna garaşylýar.