14-nji iýunda, anna güni 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlar. Bu ýyl Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriljek bu ýaryş taryhda tehnologiýa taýdan iň ösen ýaryş bolup biler. UEFA oýny çaltlaşdyrmak we eminleriň ýalňyşlyklaryny azaltmak üçin birnäçe täze çözgütleri ornaşdyrýar. Şeýlelik bilen, ýaryşyň resmi topy – Adidas kompaniýasynyň Fussballliebe (nemes dilinden terjime edilende futbola bolan söýgi diýmegi aňladýar) ýagdaýy barada sekuntda 500 gezek maglumat iberýän Connected Ball çipi bilen enjamlaşdyryldy. Bu eminlere jedelli, esasanam, topuň ele degmegi we ofsaýdlar bilen baglanyşykly meseleleri çalt we takyk seljermäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, Euro 2024-de täzelenen VAR ulgamy hem ulanylar, her stadionda 10 kameranyň ýerine 12 kamera bolar. Olar emeli aňyň kömegi bilen ofsaýdyň has takyk tapylmagyny üpjün edip, her bir oýunçynyň bedeninde 29 nokady yzarlaýarlar. Bu täzelikler arassa oýun wagtyny köpeltmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, eminlere berk görkezmeler berildi: emin bilen diňe toparyň kapitany habarlaşyp biler, diňe derwezebanlar üçin kadadan çykma bolýar. Janköýerler üçin Euroband-yň ýörite örülen bilezikleri işlenip düzüldi. Olarda bu bilezigi geýenleriň hersiniň ýagdaýyny yzarlaýan kiçijik çip bar. Janköýerlere hakyky wagtda şeýle bilezigi bar dostlarynyň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik berýän programmany göçürip almak teklip ediler. Çipiň kömegi bilen Euro 2204-iň resmi önümlerini satyn alyp, ony bank kartoçkasy hökmünde ulanmak hem mümkin bolar. Mundan başga-da, UEFA stadionlarda alkogolly içgileri içmeklige berk çäklendirmeler girizdi: adam başyna iki stakandan köp piwo satyn alyp bolmaz we ony diňe stadionyň çäginden daşarda içmäge rugsat berler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir