Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Ýun Sok Ýol öz ýurdunyň senagat we tehnologiýa nou-haulary bilen Türkmenistanyň baý serişdelerini birleşdirmek bilen iki ýurduň arasynda ykdysady arabaglanyşygyň döredilip bilinjekdigini belledi. Iki ýurduň hökümet we işewür wekilleriniň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çykyş eden Prezident Ýun Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny belläp, Günorta Koreýanyň senagatlaşmak we öňdebaryjy tehnologiýlar pudagyndaky tejribesiniň geljekde hyzmatdaşlygygyň täze ugurlaryny döretjekdigini belledi. Ol koreý kompaniýalaryny Türkmenistandaky energetika we senagat taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.