6-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy. Baş prokuror B.Muhamedow döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda kanunçylyk-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada-da aýtdy. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýtdy. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgama sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda görlen çäreler, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin döredilýän şertler hakynda aýdyldy. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, olara hukuk kömegini bermek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has takyk gözegçilik etmek maksady bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gözegçilik edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri M.Hydyrowa käýinç, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ý.Nuryýewe berk käýinç yglan etdi.