Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda gol çekdi. Resminama laýyklykda: Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden; Jumamyrat Çaryýewiç Açylowy Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden; Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden; Sulgunjemal Saparbaýewna Tulekowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden; Mekan Ýazmyradowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly; Soltanmyrat Tuwakmyradowiç Tuwakmyradowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini; Mekan Aşyrgeldiýewiç Ilýasowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini; Mährijemal Rejepmuratowna Tokaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini; Aýna Jumageldiýewna Geldiýewany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli; Maksat Baýramowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden; Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir