Dowamly böwrek keseli (DBK) 10 ýaşdan uly pişikleriň 30%-ini pida edýän keseldir. Tokio uniwersitetiniň immunology Toru Miýadzakiniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary öý haýwanlaryna umyt döredýän sanjymy döretdiler. Täze sanjym eýýäm kliniki synaglarda has oňaýly netijeleri görkezdi, hatda ölüm howply haýwanlarda-da böwregiň işini gowulaşdyrdy. Netijeliligiň syry, böwrekleriň toksinlerini aýyrmaga kömek edýän makrofag apoptozynyň inhibitory bolan ýörite belokdadyr. Miýadzaki bu belogyň ýetmezçiliginiň pişiklerde DBK-yň sebäplerinden biridigini 2015-nji ýylda öwrendi. Alym diňe bir pişikleriň saglygy üçin däl, eýsem, sanjymyň elýeterliligi üçinem göreşýär. Waksinanyň 2025-nji ýylda bazara çykmagyna garaşylýar. Derman, DBK bilen göreşmekden başga-da, pişikleriň ömrüni 30 ýyla çenli uzaldyp biler, bu bolsa häzirki görkezijiden iki esse köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir