Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we BOTAS türk kompaniýasy tebigy gazy satyn almak, ibermek we üstaşyr geçirmek hakynda birnäçe şertnamalara gol çekdiler diýip, "Nebit-Gaz" elektron neşiri Azertag agentligine salgylanyp habar berýär. Gol çekmek dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, SOCAR-yň gözegçilik geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow we Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar gatnaşdy. Ylalaşyk SOCAR-yň üsti bilen Türkiýä tebigy gazy ibermekligi we Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa azerbaýjan gazyny ýetirmekligi, Nahçywana gaz ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we üçünji ýurtlara türkmen gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Azerbaýjanyň gaz üpjünçilik kompaniýasy bilen BOTAS-y arasynda “Şah-Deňiz” käninden Türkiýä gaz ibermekligi dowam etmekligi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekildi. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermekligiň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny ynanýar. “Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzerum we TANAP ýaly turbageçirijili infrastruktura taslamalary bilen ebedileşdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygymyz diňe bir Türkiýe bilen Azerbaýjana bähbit getirmek bilen çäklenmän, sebitiň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna düýpli goşant boldy. Bilelikdäki tagallalarymyz, şeýle hem TANAP-yň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy netijesinde türkmen gazynyň Ýewropa we Türkiýä iberilmegi ýakyn geljegiň gürrüňi – diýip, Ärdogan Azerbaýjanda geçirilýän Baku energetika hepdeligine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir