ABŞ-nyň kongresmeni Jon Rouzyň işe getiren alty ýaşly oglunyň ýüz-gözüni oýnadyşy we hereketleri kakasynyň çykyşyndan has özüne çekiji boldy diýip, Meduza habar berýär. 3-nji iýunda Tennessi ştatyndan respublikaçy Rouz-ulusy Kongresde Donald Trampyň peýdasyna çykyş etdi. Emma tomaşaçylaryň ünsi onuň sözlerine däl-de, alty ýaşly ogly Gaýa gönükdi. Kameranyň özüne bakdyrylanyny gören oglanjyk ýüzüni-gözüni oýnadyp, her hili yşaratlary görkezip başlady. Gaýyň gülkünç ýüzüniň wideosyna sosial ulgamlarda millionlarça gezek tomaşa edildi. Ol barada Amerikanyň iň iri habar beriş serişdeleri, şol sanda The Washington Post gazeti hem ýazdy. Gaýyň özi bolsa CNN-de peýda boldy. Gaýyň tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip bilmek ukybyna kongresmen Rouzyň Respublikan partiýadaky kärdeşleri-de, olaryň demokratik garşydaşlary-da ýokary baha berdiler. Kongresmeniň özi oglunyň hokgasyna gülmek bilen jogap gaýtardy. “Adatça, ol özüni gowy alyp barýar. Ýöne diýseň-diýmeseň, ol edil alty ýaşyndaky beýleki deň-duşlary ýaly oglanjyk"-diýip, Rouz nygtady . Gaýyň özi kakasynyň çykyşynyň "gaty içgysgynç" bolandygyny boýun aldy we žurnalistlere ýüz-gözüni başga-da her hili edip oýnadyp bilýändigini, ýöne hemmesini bir gezekde görkezmäge taýyn däldigini aýtdy.