Nvidia kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çenli gymmatlap, emeli aňyň esasynda çip öndürijisiniň bazar bahasynyň 3 trln dollardan geçmegine mümkinçilik berdi. Netijede, Nvidia Apple-den öňe geçip, dünýäde bahasy boýunça ikinji orunda durýan kompaniýa boldy diýip, IXBT habar berýär. Nvidia-nyň paýnamalary 5-nji iýunda 5,2% ýokarlanyp, 1224,40 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bahasy 3,012 trln dollar boldy. Apple-iň bazar bahasy soňky gezek paýnamalary 0,8% gymmatlanda, 3,003 trln dollar bolupdy. Nvidia 7-nji iýundan başlap paýnamalaryny 10/1 gatnaşykda bölmäge taýýarlanýar, bu ädim onuň aýratyn maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyryp biler diýip, Reuters ýazýar. Microsoft paýnamalary 1,9% ýokarlanandan soň, 3,15 trln dollar bazar bahasy bilen dünýäde iň gymmat kompaniýa bolup galdy. Ýöne Nvidia şeýle depgin bilen tiz wagtdan birinji orna-da geçip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir