Keniýaly ylgawçy Roneks Kipruto antidoping düzgünlerini bozandygy üçin alty ýyl diskwalifikasiýa edildi. Bu barada Ýeňil atletikada ýaramaz hadysalara garşy göreşmek boýunça garaşsyz edaranyň (AIU) saýtynda habar berilýär. Kipruto 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda ýaryşlardan wagtlaýyn çetleşdirildi. Türgeniň diskwalifikasiýasy 2029-njy ýylyň 10-njy maýynda tamamlanar. AIU-nyň çözgüdinde Kiprutonyň ençeme wagtlap, şol sanda Olimpiadada çykyş etmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin doping ulanandygy aýdylýar. Onuň antidoping pasportynda ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň ilkinjisi 2018-nji ýylyň iýul aýy bilen senelenýär. Şu seneden başlap, onuň gazanan ähli netijeleri güýjüni ýitiren diýlip hasaplandy. Kipruto 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalyndan, şeýle-de 10 km aralyga şosse ylgawyndaky rekordyndan mahrum boldy. Onuň rekordy 26 minut 24 sekunta deň bolupdy. Türgen özüniň bigünädigi barada hiç hili subutnama bermedi, ýöne ol Sport Arbitraž Kazyýetinde (CAS) bu karara garşy çykyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir