Apple kompaniýasy iPhone döredilenden bäri tas 2 trln dollarlyk smartfon satdy. Stocklytics.com we Statista tarapyndan hödürlenen maglumatlar häzirki wagtda görkezijiniň 1,95 trln dollardygyny görkezýärler, ýagny 2 trln dollara ýetmek üçin ýene sähelçe galdy. Aýratynam, geçen çärýek iPhone satuwy kompaniýa 46 mlrd dollar getirdi, şonuň üçin ýene bir-iki çärýekden kompaniýa bu bellikden geçer diýip, IXBT ýazýar. Apple üçin iň girdejili döwür 2022-nji ýyl boldy, şonda iPhone satuwy kompaniýa 205,4 mlrd dollar getirdi. 2023-nji ýylda görkeziji sähel pes boldy – 200,5 mlrd dollar, şeýle-de 2021-nji ýyly görkezmek bolar – 191,9 mlrd dollar. Beýleki ýyllar görkezijiler 167 mlrd dollardan geçmedi. Şeýle-de, 2014-nji ýylda 101,9 mlrd dollar möçberde rekord goýuldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir