SpaceX, üç sany şowsuz synanyşykdan soň, Starship agyr raketasynyň üstünlikli synag uçuşyny amala aşyrmagy başardy. 6-njy iýunda raketa orbita çykdy we soňra üstünlikli Ýere gaýdyp geldi. Uçuş kompaniýanyň resmi web sahypasynda we X (öňki Twitter) sosial ulgamynda öz wagtynda göni ýaýlymda görkezildi. Islendik ulanyjy uçuşa mugt tomaşa edip bildi. Raketa Tehasyň günortasyndaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy we birnäçe minutdan soň birinji gatlagyň prototipi Super Heavy Meksika aýlagyna üstünlikli gondy. Ikinji gatlak Ýeriň orbitasyna çykyp uçuşy dowam etdi. Starship, 200 km-den gowrak belentlige ýetip, bir sagat töweregi kosmosda boldy, şondan soň Hindi ummanynyň Awstraliýadan demirgazyk-günbatarynda gözegçilik astynadaky gonmany amala aşyrdy. NASA-nyň başlygy Bill Nelson bu möhüm wakanyň adamy Aýa gaýtarmagyň ýene bir ädimidigini mälim etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir