Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA agentligi Belarus döwletiniň energetika ministrligine salgylanyp habar berýär. Arkalaşygyň çäklerinde energetika pudagynda özara gatnaşyklar meselesi Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisiniň çäklerinde maslahatlaşyldy. Energetika ulgamynda 2035-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk konsepsiýasy 24-nji maýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde tassyklanyldy. Belarusyň energetika ministri Wiktor Karankewiçiň sözlerine görä, şeýle hem sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk konsepsiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. Arkalaşygyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisine gatnaşyjylar energetika pudagynyň ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini we GDA-nyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljerdiler, atom energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini we howa borçnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň ornuny maslahatlaşdylar. Taraplar zerur bolan elektroenergetika tor infrastrukturasyny döretmäge taýýarlygyny beýan etdiler.