Günorta Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa we 2045-nji ýyla çenli Marsa öz apparatlarynyň ugradylmaga gönükdirilen giň kosmos maksatnamasyny yglan etdi diýip, Phys.org habar berýär. Prezident Ýun Sok Ýol ýakyn onýyllyklarda barlag üçin 70 milliard dollar beriljekdigini habar bedi. Maksatnamanyň çäginde, Koreýa NASA-nyň 2026-njy ýyla çenli astronawtlary Aýa ugratmagy maksat edinýän “Artemida-3” missiýasyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem ýurtda 2032-nji ýylda Aýa öz apparatlaryny ibermek missiýasyny, 2045-nji ýylda bolsa Mars missiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. Uly meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin Günorta Koreýa diňe döwlet çeşmeleri däl, eýsem, hususy çeşmeleri hem özüne çekýär. Barlag we işläp düzmek maksatnamasyna NASA-nyň tejribeli hünärmeni Jon Li ýolbaşçylyk eder. Aý zonduny we täze uçuş ulaglaryny döretmek taslamalary Hanwha Aerospace we Perigee Aerospace bilen bilelikde amala aşyrylar.