Madridiň “Realynyň” kapitany Naço Fernandes we ýarym goragçy Luka Modriç futbol klubunyň Çempionlar ligasyndaky ýeňşinden soň onuň taryhynda iň köp titully oýunçylar boldular. Olaryň her biriniň hasabynda toparyň düzüminde 26 baýrak bar diýip, esquire.kz belleýär. Şeýlelik bilen, olar “patyşalyk klubunyň” öňki oýunçylary Karim Benzema bilen Marselonyň rekordyny täzelediler – olaryň her birinde 25 titul bar. 38 ýaşly Luka Modriç “Realda” 2012-nji ýyldan bäri oýnaýar. Häzirki möwsümde oýunçy ähli ýaryşlarda 46 oýna gatnaşyp, iki gol we sekiz netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Ol 2018-nji ýylda “Altyn top” aldy. 34 ýaşly Naço Fernandes “Realyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, esasy topar üçin 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 363 oýna gatnaşdy we 16 gol, 10 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Futbolçylaryň ikisiniň-de häzirki şertnamalary möwsümiň ahyryna çenli hereket edýär. Ýatlap geçsek, 1-nji iýunda “Real” Çempionlar ligasynyň finalynda Dortmundyň “Borussiýasyny” 2:0 hasabynda utup, ÇL-de 15-nji kubogyny gazandy. Indi UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýunda “Real” Ýewropa ligasynda ýeňiji bolan Italiýanyň “Atalantasy” bilen bäsleşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir