Hytaýyň “Çane-6” kosmiki gämisi ýany bilen topragyň gymmatly nusgalaryny alyp, Aýyň arka ýüzünden üstünlikli uçup gaýtdy diýip, Hytaýyň Milli kosmos gullugyna salgylanýan Reuters gullugy ýazýar. 3-nji maýda Wençan hemra uçuryş merkezinden uçurylan “Çane 6” Aýyň ozal öwrenmäge elýeter bolmadyk garaňky tarapyndan nusgalary ýygnan ilkinji zond boldy. Apparat 2 kilogram töweregi Aý regolitini yhlas bilen ýygnandan soň, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünden göterilip orbita çykdy. Orbitada apparatyň Ýere tarap ugur almak üçin, başga bir kosmos gämisi bilen birikmegine garaşylýar. Zond 25-nji iýunda Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitine gonar. Hytaýly alymlaryň sözlerine görä, “Çane 6-nyň” getirjek nusgalarynyň ylmy gymmatlygy häzirki wagtda ýaşy dört milliard ýyl töweregi diýlip çaklanylýan Günorta polýus-Eýtken basseýniniň geologiki ýaşyny kesgitlemekden ybarat. Bu SSSR-iň we ABŞ-nyň Aý missiýalary tarapyndan getirilen, takmynan, üç milliard ýyllyk nusgalaryndan, şeýle hem “Çane 5-iň” alan iki milliard ýyllyk nusgalaryndan has uludyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir