17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Süleýman Jafarow 102 kilograma çenli agramda ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Ýaryş Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirildi. Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi bolsa türkmen türgenine bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netijesi ildeşimiziň umumy hasapda altyn medala eýe çykmagyny şertlendirdi. Süleýmanyň ilkinji tälimçisi onuň kakasy Bagtyýar Jafarowdyr. Ýaş türgen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 280 türgen gatnaşdy. Jafarowdan başga-da, ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda ýene-de iki sany türkmen türgeni medal gazandy, Ogulşat Amanowa (49 kg çenli) itekläp we silterläp götermegiň jemi boýunça kümüş medal, Didarbek Jumabaýew (67 kg çenli) itekläp götermekde bürünç medal aldy. Umumylykda, Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşda 7 medal gazandy (3 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir