Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Welosportuň nazaryýeti we usulyýeti” atly okuw kitaby neşir edildi. Bu barada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda habar berdiler. Bu kitap Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň uly mugallymlary Ýagmyrgeldi Şyhnazarowyň, Döwletgeldi Mämmedowyň, bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Jennet Paýtykowanyň, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçysy Döwletgeldi Annaýewiň we agzasy Saparmyrat Mämmedowyň awtordaşlygynda taýýarlanyldy. Okuw kitabynda welosportuň görnüşleri, türgenleşik we ýaryş işiniň aýratynlyklary, ýaryş işiniň tehnikasy we usuly, ýokary derejeli welosipedçileriň köpýyllyk taýýarlygy, fiziki we psihiki taýýarlygy kiçi we orta döwürleýin türgenleşik sapaklarynyň gurluş ulgamy sport ýaryşlarynyň döwrebap ulgamy we ýyllyk taýýarlygyň gurluşy, taýýarlygyň tehniki we ylmy-usulyýet üpjünçiligi beýan edilýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, welosiped sporty bilen türgenleşýän türgenler we welosiped sportuna höwesjeňler üçin niýetlenilýär. Şeýle hem bu okuw kitaby ýurdumyzyň degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin hem okuw gollanmasy bolup biler.