Warner Bros. Television “300 spartaly” («300 спартанцев») filminiň prikwel serialynyň taýýarlanýandygyny mälim etdi. Ozal filmiň asyl nusgasynyň üstünde işlän Zak Snaýder taslamanyň režissýory we prodýusseri bolar diýip, Variety ýazýar. Filmiň sýužetiniň jikme-jiklikleri barada entek hiç zat aýdylmady, ýöne serialyň 2006-njy ýylda görkezilen filmdäki wakalaryň başy boljakdygy belli. Taslama taýýarlamaklygyň başlangyç tapgyrynda, ssenariçi we seriýanyň haýsy platformada ýaýlyma goýberiljegi entek kesgitlenmedi. “300 spartaly” (2006) filmi Frenk Milleriň grafiki romany esasynda döredildi. Film b.e. öňki 480-nji ýylda Fermopillerde bolan söweş barada bolup, ol ýerde patyşa Leonidiň ýolbaşçylygyndaky 300 spartaly patyşa Kserksiň san-sajaksyz pars goşuny bilen söweşipdir. Jerard Batleriň baş keşbi janlandyran bu filmi 65 million dollarlyk býujeti bilen dünýä kassa ýygymynda 450 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Ýewa Griniň baş keşbi janlandyran “Imperiýanyň gülläp ösüşi” (“Расцвет империи”) sikweli 2014-nji ýylda çykdy we kassa ýygymynda 337 million dollar gazandy.