Marsyň üstünde ýerasty gowaga eltýän bolmagy mümkin ullakan çukur tapyldy. Obýekt NASA-nyň MRO planetara stansiýasyndaky HiRISE kamerasy arkaly tapyldy diýip, Hi-Tech habar berýär. Çukur sönen Arsia Dagy wulkanyndan birnäçe km uzaklykda ýerleşýär. Çukuryň tapylan sebiti wulkan düzlügidir we geçmişde bu wulkanlar işjeň ýagdaýda bolupdyr. Alymlar çukuryň opurylan köwek ýa-da lawa turbasynyň girelgesiniň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Mars çukurynyň çuňlugy 178 metre ýetýär, ol Ýerde gabat gelýän, özüne meňzeş çukurlardan kän uly. Marsyň dartyş güýjüniň pes bolmagy has uly lawa turbalarynyň döremegine itergi berýär. Başga wulkanyň golaýynda ýerleşýän ýene bir çukur gözlegçileri hasam gyzyklandyrýar. Onuň aşagynda boşluk görünýär, emma bu çukuryň tebigatyny kesgitlemek häzirlikçe kyn.