Alymlaryň halkara topary Orta Zambezi derýasynyň basseýninden dinozawryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdi. Acta Palaeontologica Polonica žurnalynda bu sebitde soňky 50 ýylda tapylan ilkinji dinozawrdyr diýip bellenýär. Tapyndyny Günorta Afrikanyň Witwatersrand uniwersitetiniň, ABŞ-nyň Stouni-Bruk uniwersitetiniň we Beýik Britaniýanyň Tebigatyň taryhy muzeýiniň hünärmenleri ýazyp beýan etdiler. Musankwa sanyatiensis diýlip atlandyrylan täze görnüş Giçki Trias döwrüne degişli bolup, takmynan 210 million ýyl ozal ýaşap geçipdir. Alymlar onuň uzyn boýunly, agramy 390 kg töweregi, ot iýýän dinozawr bolandygyny belleýärler. Dinozawryň art aýagynyň bir böleginden ybarat galyndy Kariba kölüniň boýundan tapyldy. Musankwa sanyatiensis ady daşa öwrülen tapyndylary gözleýji ekspedisiýalarda ulanylan “Musankwa” öý-gäminiň hormatyna dakylan atdyr. Tonga diliniň şiweleriniň birinden terjime edilende bu “jahyl çykan oglan” diýmegi aňladýar. Gözleg toparynyň ýolbaşçysy, professor Pol Barrett bu möhüm tapyndy we Afrikanyň täze paleontologiki açyşlar üçin ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär diýip nygtaýar. Ol: "Soňky alty ýylda Zimbabwede sebitiň baý taryhy geçmişiniň bardygyny görkezýän daşa öwrülen galyndyly täze ýerleriň köp sanlysy tapyldy" diýip gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir