Wenesiýada syýahatçylar üçin täze çäklendirmeler hereket edip başlady. Indi sesi gaty çykaryjy gurallary ulanmak gadagan edilýär, syýahatçylar topary bolsa 25 adamdan köp bolmaly däldir. Bu çäreler syýahatçylygyň şähere ýetirýän täsirini azaltmak üçin girizildi diýip, BBC salgylanyp, russiatourism.ru habar berýär. 2024-nji ýylyň başyndan Wenesiýa şähere giriş üçin 5 ýewro möçberde töleg hem girizipdi. 250 000-e golaý ilaty bolan Wenesiýa 2019-njy ýylda 13 milliondan gowrak syýahatçyny kabul etdi. Şondan bäri jahankeşdeleriň sany azalsa-da, ýakyn ýyllarda olaryň sanynyň kowidden öňki görkezijiden ýokary bolmagyna garaşylýar.