Opta superkompýuteri Angliýany “Ýewro-2024” ýaryşynda ýeňiş gazanmaga has ýakyn topar diýip hasaplady. Angliýanyň milli ýygyndysy 19,9% ähtimallyk bilen ýaryşda ýeňiji bolar. Bu barada gazeta.ru belleýär. Ikinji orunda Fransiýa gelýär (19,1%), üçlügi Germaniýa jemleýär (12,4). Titul üçin mümkinçiligi has pes bolan topar Gruziýanyň milli ýygyndysy hasaplanýar (0,1%). Italiýanyň milli ýygyndysynyň Ýewropanyň çempion titulyny goramak mümkinçiligi 5%-e deň. Angliýanyň milli ýygyndysy Daniýa, Serbiýa, Sloweniýa bilen bir toparda oýnar. Angliýalylar heniz Ýewro ýaryşynda ýeňiş gazanmadylar. 2021-nji ýylda Angliýa ýaryşyň finalyna çykyp, Italiýadan penalti tapgyrynda utuldy. Iň köp tituly bolan toparlar Ispaniýanyň we Germaniýanyň milli ýygyndylarydyr, olaryň her biriniň hasabynda Ýewro ýaryşynda üç ýeňiş bar.