ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp TikTok-da hasaba alnandan soň, bir günüň dowamynda kanala 3 million adam ýazyldy, onuň platformadaky ilkinji wideosy 56 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýip, Afişa Daily habar berýär. Tramp platformada “American Bad Ass” aýdymynyň astynda UFC 302 ýaryşynyň zalyna girişini görkezýän wideosy bilen peýda boldy. Politico Trampyň TikTok-da peýda bolmagynyň Prezident saýlawlaryndan öň ýaş saýlawçylary özüne çekmek synanyşygy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýdeniň hem TikTok akkaunty bolup, ol hem saýlawdan öňki kampaniýany alyp barýar. Oňa 340 müňden gowrak ulanyjy ýazyldy. Bellemeli ýeri, syýasatçylaryň ikisi-de öň TikTok-a garşy çykyş etdiler. Tramp amerikalylara TikTok-yň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasy bilen islendik şertnamany baglaşmagy gadagan etmäge synanyşdy. Baýden bu gadaganlygy ýatyrdy, ýöne eger ByteDance platformany amerikan kompaniýasyna satmasa, ony ABŞ-da blokirläp biljek kanun taslamasyna gol çekdi. Programmadan 170 mln amerikaly peýdalanýar.